“Siriýa kürtleriniň terror guramasy PKK ýaran hökmünde görülmegine garşy durýarys”

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun terrorçylyga garşy göreş we siriýaly kürtler meselesinde garaýyş beýan etdi

1288049
“Siriýa kürtleriniň terror guramasy PKK ýaran hökmünde görülmegine garşy durýarys”

Altun Twitter hasabyndan beren habarnamasynda siriýaly kürtleriň terror guramasy PKK-nyň ýarany hökmünde görülmeginiň ýerliksizdigini we günbatar ýurtlarynyň raýatlaryna Siriýa meselesinde ýalan sözleýändigini beýan etdi.

Fahrettin Altun: “Siriýa kürtleriniň terror guramasy PKK ýarandygy hakyndaky ýalňyş garaýyşlara garşy durýarys. Esasan sünni araplardan emele gelýän Siriýanyň demirgazyk gündogaryny basyp alan terrorçylar Marksist-Leninist ideologiýalaryny halka kabul etdirmäge synanşdy we garşy duranlaryň ählisini sürgün etdi ýa-da öldürdi” diýip ýazdy.

Altun günbatar ýurtlarynyň hökümetleriniň raýatlaryna Siriýa meselesinde ýalan sözleýändigini beýan edip: “PKK metbugat azatlygyna we oppozisiýa rugsat berilmeýän, basyş we gynamalar bilen esaslandyrylan “bir partiýaly döwletjigini” gurdy. Yzyna dolanyp barsalar PKK-nyň öldürmeginden gorkýan ýüzlerçe müň siriýaly kürt henizem Türkiýede ýaşaýar” diýdi.

 



Degişli Habarlar