"Siriýada ABŞ-nyň esgerleriniň günorta tarap çekilmeklerine oňyn garaýarys"

Prezident Erdogan saparynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi

1287656
"Siriýada ABŞ-nyň esgerleriniň günorta tarap çekilmeklerine oňyn garaýarys"

Prezident R. T. Erdogan Siriýada ABŞ-nyň esgerleriniň günorta tarap çekilmeklerine oňyn garaýandyklaryny aýtdy.

Türk Geňeşiniň 7-nji liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Azerbaýjana giden Prezident Erdogan saparynyň öňüsyrasynda metbugata beýannama berdi.

Erdogan beýannamasynda  Türk geňeşiniň 7-nji maslahatynyň birnäçe nukdaý nazardan möhümdigini nygtady  we “Türk dünýäsiniň arasyndaky arkalaşygyň we hyzmatdaşlygyň güýçlenmegi biziň üçin uly busanç” diýdi.

Erdogan maslahatda Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge çalşylýan terror koridoryny ýok etmek, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi maksady bilen Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň demirgazygynda  terror guramasy ÝPG/PKK we DAIŞ-e garşy başladan we Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan goldanýan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda giňişleýin maglumat berjekdiklerini aýtdy.

ABŞ-nyň esgerleriniň günorta çekilmeklerine oňyn garaýandyklaryny aýdan Erdogan “Bu waka oňyn garaýarys. Düýn Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, öňňin hem Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbbetdeşlik geçirdim. Telefon söhbetdeşliklerimizde liderleriň käbir hakykatlary bilmeýändiklerini gördüm we olara gürrüň berdim” diýdi.

“Biziň kürtler bilen söweşmek niýetimiz ýok” diýen Erdogan “Biz bir döwlet, garyşymyzda terror guramasy bar, şol sebäpli hem terror guramasy bilen söweş bolmaz, terrora garşy göreş bolar”

 


Etiketkalar: #Azerbaýjan , #garamak , #esger , #ABŞ

Degişli Habarlar