Stambulyň zabt edilen gününiň 567 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilmäge başlandy

Stambulyň zabt edilen gününiň 567 ýyllygy, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagyndaky ýörite çäre bilen bellenilmäge başlandy

05 Temmuz 2020 22:32

Ilkinjy gezek Türkiýe Ýelken federassiýasy tarapyndan “29-njy maý Bosfor bogazynyň zabt edilen güni” atly çäre geçirildi. 

Saryýer Kenarýaka howpsyzlyk serkerdeliginden başlanyp geçirilýän çärede, milli türgenler bilen birlikde Türkiýäniň baýdagyny göterýän gaýyklardaky adamlar Huber köşgüniň öňünden geçip Prezident Erdogana salam berdiler. 

Prezident Erdogan Türkiýäniň baýdagy pasyrdaýan gaýyklardaky adamlara salam berdi.

Topkapy köşgünde geçirilen çärede bolsa, dünýäniň iň gadymy harby topary Milli Goranmak ministrliginiň Mehteran topary bilen sungat ussady Arslanbek Sultanbekow ilkinji gezek Stambulyň zabt edilen gününiň 567 ýyllygy mynasibetli mehter marşyny ýagny mukamyny ýerine ýetirer.

Kommunikasiýalar edarasynyň Ýoutube kanallarynda we sosýal media arkaly Türkiýe wagty bilen sagat 19.00-da Stambulyň zabt edilen gününe bagyşlanan ýörite konsert programmasy başlar.

Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:00-da Ýaý atyjylyk gaznasynyň Fetih kubogynyň çäginde çäre geçiriler. Gurhandan aýatlar we Fetih dogasy bilen başlajak çärede, Milli Türk Ýaý atyjylyk final tapgyry bilen birlikde Türkiýäniň çar tarapynda geçirilen Stambulyň zabt edilen güni temaly goşgylary labyzly okamak ýaryşynyň ilkinjisi wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly geçiriler. 

Prezident Erdogan Türkiýe wagty bilen 20.53-de wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek çärä gatnaşar.

Stambulyň zabt edilen gününiň 567 ýyllygyna bagyşlanan çäreler Türkiýe wagty bilen 21.30-da Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň Zabet edilşik şüweleňi bilen Aýasofýada dowam eder.

Stambulyň zabt edilen gününiň 567 ýyllygyna bagyşlanan çäreler taryhy Ýarymadadaky feýerwerk çykyşy bilen tamamlanar.

Ahli çäreler Prezident we Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Youtube kanallary bilen sosial media hasaplarynyň we telewideniýe kanallarynyň üsti bilen göni ýaýlym arkaly görkeziler.