TBMM-nin Başlygy Mustafa Şentop Respublikanyň 97 Ýyllygy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi

Şentop Respublikanyň baky ýaşajakdygyny beýan etdi

1517991
TBMM-nin Başlygy Mustafa Şentop Respublikanyň 97 Ýyllygy Mynasybetli Ýüzlenme Çap Etdi
fuat oktay.jpg
mustafa sentop.jpg

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop: “Günsaýyn has beýik maksatlara we dünýäniň haýranlyk bilen garaýan belentliklerine tarap barýan Respublika şu gün 97 ýaşynda” diýdi.

TBMM-niň taryha şanly dessan hökmünde ýazylan, milletiň batyrgaýlygynyň we gaýduwsyzlygynyň deňsiz mysal bolan Milli azatedijilik göreşiniň ýeňiş bilen tamamlanmagynyň yzy süre taryhy ugrukdyran beýik kararlardan ýene-de birini iş ýüzüne geçirendigini ýatladan Şentop, TBMM-nin 97 ýyl ozal 1923-nji ýylyň 29-nji oktýabrynda Respublikanyň yglan edilmegi bilen Milli göreşiň ýüregi we karargähi aýratynlygyna, esaslandyryjylyk özboluşlygyny hem boşandygyny beýan etdi.

Gahryman M.K.Atatürkiň we egindeşleriniň Anadolyny basybalyjylardan halas edýärkä, millet bilen jebisleşen Mejlisiň gurlan täze döwletiň dolanşyk ulgamyny kesgitländigini, milli ygtyýaryň jedelsiz üstünligini we gudratyny yglan edip, täze ýol açandygyny nygtan Şentop, şol kararyň diňe bir dolanşyk ulgamynyň yglan edilmegi däl, eýsem ýer ýüzüniň ejir çekýän we kemsidilýän milletine ýol görkezen hem-de görelde bolan aýratynlyklara eýedigine ünsi çekdi.

Atatürkiň beýik mirasynyň, milletiň, milletiň ygtyýarynyň we olaryň bagşeden gaýduwsyzlygynyň üstünde garaşsyzlyga tarap beýik we ynamly ädimler bilen öňe gitmäge dowam etjekdigini gürrüň beren Şentop: “Milletimiziň her bir agzasynyň başdan geçirýän şeýle şowhunly we tolgundyryjy gününde döwletiniň esaslandyryjysy Gahryman M.K.Atatürki, garaşsyzlyk we azatlyk gahrymanlarymyzy, eziz şehitlerimizi we gahrymanlarymyzy rehnet we minnetdarlyk bilen hatyralap, Respublikamyzyň yglan edilmeginiň 97-nji ýylyny gutlaýaryn” diýdi.

Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý hem 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli sosial media hasabyndan beren habarnamasynda: “29-njy oktýabr Respublika baýramymyz gutly bolsun! Respublikany gaýduwsyz gahrymanlardan amanat aldyk, şol düşünje we garaýyş bilen oňa baky eýe çykarys. 97 ýyldan bäri garaşsyzlygymyza wepalylyk bilen eýe çykýarys, Respublikanyň 100-nji ýylyna tarap buýsanç bilen öňe barýarys” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar