Tel Abýad terrorçylardan saplandy

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde, Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Tel Abýad etrap merkezi gözegçilik astyna alyndy

1287377
Tel Abýad terrorçylardan saplandy

 

Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge çalşylýan terror koridoryny ýok etmek, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy ÝPG/PKK we DAIŞ-e garşy başladylan we Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan goldanýan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy üstünlikli ýagdaýda dowam edýär.

Parahatçytlyk çeşmesi operasiýasynda Siriýanyň Milli goşunynyň esgerleri, ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-ly terrorçylar bilen başdan geçirilen güýçli çaknyşyklardan soň, etrabyň merkezini dolulygyna gözegçilik astyna aldy.

“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň çäginde, Ýefrat derýasynyň gündogarynda ýerleşýän Tel Abýad etrap merkezi gözegçilik astyna alyndy.

Tel Abýad operasiýada Rasulaýndan soň ele geçirlen ikinji etrap merkezi boldy.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK, Şanlyurfa welaýatynyň Akçakale etrabynyň golaýynda we Siriýanyň territoriýasynyň çäginde ýerleşýän Tel Abýad etrabyny 2015-nji ýylyň iýun aýynda ABŞ-nyň goldawy bilen basyp alypdy.

Beýleki tarapdan Parahatçylyk çeşmesi operasiýasynyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 550-ä ýetdi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: “Ýewfrat derýasynyň gündogarynda meýilleşdirilen häsýetde dowam edýän Parahatçylyk çeşmesi operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirilen PKK/PÝD-ÝPG-ly terrorçylaryň sany 550-ä ýetdi” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar