“Terror guramasy DAIŞ-iň Owganystandan dolulygyna çykarylmagy üçin elimizden geleni ederis”

Prezident Erdogan owgan hökümetiniň edýän tagallasyndan hoşaldyklaryny aýratyn belledi

1320320
“Terror guramasy DAIŞ-iň Owganystandan dolulygyna çykarylmagy üçin elimizden geleni ederis”

Prezident R. R. Erdogan terror guramasy DAIŞ-iň Owganystandan çykarylmagy üçin Türkiýe hökmünde ähli taraplaýyn goldaw berjekdiklerini aýtdy.

Erdogan Stambulda Dolmabahçe köşgünde geçirlen Aziýanyň Kalby Stambul etabynyň ministrler derejesinde geçirlen konferensiýasyna gatnaşdy.

Prezident Erdogan konferensiýada eden çykyşynda “Owganystan ynjyk döwürden geçýär. Halkara jemgyýetçiligi 18 ýyldan bäri maddy we ruhy taýdan Owganystana berýän goldawyny has-da artdyrmaly” diýdi.

Halkara jemgyýetçiliginiň Owganystana goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtan Erdogan, owgan hökümetiniň hem jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan owgan hökümetiniň bu ugurda edýän tagallasyndan hoşaldyklaryny aýratyn belledi.

Günorta Aziýada başdan geçirilýän wakalar hakynda hem durup geçen Erdogan “Günorta Aziýanyň we ýakyn töwerekleriniň başdan geçirýän kynçylyklarynyň hötdesinden gelinmegi üçin sebitleýin hyzmatdaşlyk we arkalaşyk diýseň möhüm” diýdi.

 Terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşe ünsi çeken Prezident Erdogan “Terror guramasy DAIŞ-iň Owganystandan dolulygyna çykarylmagy üçin elimizden geleni ederis” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar