Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Türkiýä garşy hüjümleri dowam edýär

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylar tarapyndan Siriýanyň demirgazygyndan Türkiýäniň Şanlyurfa welaýatynyň Jeýlanpynar etrabyna minomýot bilen hüjüm gurady

1287728
Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Türkiýä garşy hüjümleri dowam edýär

Türkiýäniň günorta serhedinde döredilmäge çalşylýan terror koridoryny ýok etmek, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen Türkiýäniň ýaragly güýçleri tarapyndan Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy ÝPG/PKK we DAIŞ-e garşy başladylan we Siriýanyň Milli goşuny tarapyndan goldanýan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy üstünlikli ýagdaýda dowam edýär.

ÝPG/PKK-a agza terrorçylar Siriýanyň Rasulaýn etrabyndan Türkiýäniň Jeýlanpynar etrabyndaky käbir öýlere we boş meýdanlara minomýot bilen hüjüm gurady.

Ýogalan ýa-da ýaralanan adamyň bolmadygy hüjümde öýleriň biriniň üçeginde ýüze çykan ýangyn, ýangyn söndürijiler tarapyndan söndürildi.

Rasulaýn etrabyndaky çaknyşyklar Jeýlanpynar etrabynda eşidilýär.



Degişli Habarlar