Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder

Terrora goldaw berýän, halkara hukugyny basgylaýan ýurtlara bu tutumyndan ýüz öwürmegi üçin çagyryş berildi

1833353
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Eder

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahaty Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirildi.

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň jemleýji jarnamasynda “Günorta serhetlerimizde alnyp barylýan operasiýalaryň goňşularymyzyň territorial bitewiligini nyşana almaýandygy, ýurduň milli howpsyzlygynyň goralyp saklanmagyny maksat edinýändigi nygtaldy” diýidli.

Jarnamada serhetaşa operasiýalaryň goňşu ýurtlaryň howpsyzlygynyň goralyp saklanmagy üçin alnyp barylýandygy bellenildi.

Jarnamada, terrora goldaw berýän, halkara hukugyny basgylaýan ýurtlara bu tutumyndan ýüz öwürmegi we Türkiýäniň howpsyzlygy meselesine üns bermekleri üçin çagyryş berildi.

Prezident R. T. Erdoganyň, duşenbe güni geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda hem degişli taýarlyklaryň görülmeginden soň ýurduň günorta serhedinde howpsyz zolagyň döredilmegi maksady bilen terror guramalaryna garşy giň gerimli operasiýanyň başlajakdygyny mälim edipdi.

 



Degişli Habarlar