Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy tarapyndan ot açylmagy sebäpli 2 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy

1385437
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabynda terrorçylar tarapyndan ot açylmagy netijesinde 2 esgerimiz şehit boldy. Wakanyň yz ýanyndan terrorçylara degişli 4 ýere howa hüjümi guraldy we PKK-ly 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.

Siriýada Ýewfrat Galkany operasiýasyna hüjüm guramak üçin taýarlyk görýändigi anyklanan PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçy, desant güýçleriniň operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Mardin welaýatynyň Midýat etrabynda we Batman welaýatynda geçirilen operasiýalarda, terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy tussag edildi. 


Etiketkalar: #operasiýa , #ÝPG , #PKK

Degişli Habarlar