Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Sebitde terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 esger şehit bolupdy

1833230
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam edýär

Türkiýäniň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Siriýanyň demirgazygynda Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendigi anyklanan PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda terrora we terrorça hiç bir ýerde geçişiň ýokdugy beýan edildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Şehitlerimiziň ganyny ýerde goýmadyk, mundan soň hem goýmarys. Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza 14 terrorçy guralan howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmegi erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 

Sebitde terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 esger şehit bolupdy. 



Degişli Habarlar