Terrora garşy operasiýalar dowam edýär

Yragyň demirgazygynda terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1426486
Terrora garşy operasiýalar dowam edýär

 

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Haftanin etrapçalarynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Haftanin etrapçalarynda ýerleri anyklanylan terrorçylara garşy howa hüjümi guraldy. Howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy operasiýalar soňky terrorçy ýok edilýänçä dowam eder” diýildi.

Bitlis welaýatynda hem Sehi tokaýlarynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde guralan operasiýada PKK-ly 3 terrorçy ýaraglary bilen birlikde ölü ýagdaýda ele salyndy.

Welaýatda operasiýalaryň dowam edýändigi nygtaldy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem Twitterden beren beýanatynda Bitlise Sehi tokaýlarynda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar