Terrorçylara garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam edýär

Milli Goranmak ministrligi operasiýalar bilen bagly beýanat berdi

1426781
Terrorçylara garşy göreş hem ýurdyň öz içinde hem-de daşary ýurtda dowam edýär

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Haftanin etrapçalarynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berlen beýanatda, “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap we Haftanin etrapçalarynda ýerleri anyklanylan terrorçylara garşy howa hüjümi guraldy. Howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrora garşy operasiýalar soňky terrorçy ýok edilýänçä çenli dowam eder” diýildi.

Beýanatda howa hüjümleri bilen bagly surat materiallar hem paýlaşyldy. 

Beýleki tarapdan Siriýada Parahatçylyk çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Milli Goranmak ministrliginden dowam edýän operasiýalar bilen baglanşykly berilen beýanatda: "Asudalyk we durnuklylyk gurşawyny bozmak üçin Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitine girmäge synanyşan PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getiren desant güýçlerimiz, terror guramalaryna geçmäge mümkinçilik bermeýär" diýip bellendi. 

Bitlis welaýatynda hem Sehi tokaýlarynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde guralan operasiýada PKK-ly 3 terrorçy ýaraglary bilen birlikde ölü ýagdaýda ele salyndy.

Täsirsiz ýagdaýa getirilen 3 terrorçynyň biriniň, Bitlisiň welaýat Žandarma serkerdesi Zafer Akkuşyň şehit edilmegi bilen netijelenen hüjümiň jogapkärlerinden "Doktor-Kendal" kod adyny ulanýan terrorçy Weýsel Altundygy anyklandy.

Terrorçynyň "Terrordan gözlenýänleriň sanawynda" çal kategoriýa boýunça gözlenendigi mälim edildi.  

Welaýatda operasiýalaryň dowam edýändigi nygtaldy.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu hem Twitterden beren beýanatynda Bitlise Sehi tokaýlarynda 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini mälim etdi.

Süleýman Soýlu, başga bir beýanatynda bolsa, Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabyndaky Kazan jülgesinde 1-i ýokary derejeli jogapkär bolan jemi 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň, 2019-njy ýylyň 1-nji iýunynda 2 esgeriň şehit edilmegi bilen netijelenen hüjümiň jogapkärleridigi anyklandy. 



Degişli Habarlar