“Türk-rus harbylaryň bilelikdäki gözegçilik işleri dowam edýär”

Hulusi Akar, Siriýanyň demirgazygynda türk-rus harbylaryň bilelikdäki gözegçilik işleriniň dowam edýändigini habar berdi.

1309008
“Türk-rus harbylaryň bilelikdäki gözegçilik işleri dowam edýär”

Türkiýäniň Goranmak ministri Hulusi Akar, Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatyna gatnaşmak üçin gelen mahaly, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň tarapdarlary tarapyndan Siriýanyň demirgazygyndaky Aýnularap etrabynda, Türkiýäniň harbylary bilen bilelikde gözegçilik işlerini geçirýän Rus harbylaryň ulaglaryna molotow kokteýliniň zyňylmagy bilen bagly soraga jogap beren Hulusi Akar: “Gözegçilik işleri ruslar bilen gazanan ylalaşygymyzyň çäginde dowam edýär. Mundan başgada ençeme kynçylygmyz bar. Bulary hem ruslar bilen gepleşikler geçirip, çözmäge synanyşýarys” diýip belledi.

Gerek bolan çäreleriň şol bada, şol ýerde görülýändigini aýdan Akar: “Goşmaça görüljek çäreleri hem ruslar bilen gepleşikler geçirip çözmäge synanyşýarys. Bularyň ählisi çözüler” diýip mälim etdi.



Degişli Habarlar