Türk we rus harbylar Ýewfradyň gündogarynda 9-njy bilelikdäki gözegçilik işlerini amala aşyrdy

Goranmak ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1309594
Türk we rus harbylar Ýewfradyň gündogarynda 9-njy bilelikdäki gözegçilik işlerini amala aşyrdy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanata görä, Türkiýäniň we Russiýanyň harby güýçleriniň Rasulaýn-Kamyşly aralygyndaky bilelikdäki gözegçilik işleri meýilleşdirilşi ýaly tamam boldy.

Gury ýer gözegçilik işleri her tarapdan 4 ulag bolmak bilen jemi 8 ulag bilen geçirilip, ulaglara bolsa uçarmansyz howa ulaglary ýoldaşlyk etdi.

Gözegçilik işleri 9 km çuňlukda we 38 km uzynlygynda amala aşyryldy.



Degişli Habarlar