Türkiýäniň Hak-Hukuklarynyň We Bähbitleriniň Goralmagynda Egilşik Edilmez

Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jarnama çap edildi

1496974
Türkiýäniň Hak-Hukuklarynyň We Bähbitleriniň Goralmagynda Egilşik Edilmez

 

Prezident R. T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Prezidentiň Kompleksinde geçirlen Milli Howpsyzlyk geňeşiniň maslahatyndan soň jarnama çap edildi.

Jarnamada PKK/KJK-PÝD/ÝPG, FETÖ we DAIŞ ýaly terror guramalarynyň başda durmagynda, milli jebislige we bitewilige, Türkiýäniň geljegine wehim salýan ähli terror guramalaryna garşy ýurduň içinde we serhetaşa guralýan operasiýalar hakynda Milli Howpsyzlyk geňeşine maglumat berlendigi nygtaldy.

Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolýan aktýorlaryň edýän tagallalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Jarnamada, Türk halkynyň şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem gury ýerdäki, deňizdäki we howadaky ähli hak-hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagynda egilşik edilmejekdigi ýene-de bir gezek nygtaldy.

Jarnamada  adalaryň ýaraglanmagynyň başda durmagynda halkara hukugyna we şertnamalara laýyklykda hereket etmeýän ýurtlara parasatlylyk çagyryşy berildi, sebitiň tebigy baýlyklarynyň adalatly ýagdaýda paýlaşylmagy meselesinde Türkiýäniň ähli platformada we ilkinji nobatda dialoga goldaw berýändigini bellenildi.

Jarnamada “Sebitara we halkara düşnüşmezliklerde hemişe adalatyň we dogrynyň ýanynda ýer alan Türkiýäniň, Gündogar Ortaýer deňizi meselesinde hem şol çäkde hereket edendigi nygtalyp, ÝB-niň başda durmagynda ähli guramalara we düşnüşmezlige degişli bolan döwletlere, ýurduň we DKTR-nyň hak-hukuklayna we bähbitlerine sarpa goýmaklary üçin çagyryş berildi.

Jarnamada Türkiýäniň Siriýanyň we Liwiýanyň durnuklylygyna we şol ýurtlarda parahatçylygyň ýola goýulmagyna goldaw bermäge dowam etjekdigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar