“Türkiýäniň Liwiýada bolmagy parahatçylyga bolan umytlary artdyrdy”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň Liwiýada bolmagynyň parahatçylyga bolan umytlary artdyrandygyny aýtdy

1344125
“Türkiýäniň Liwiýada bolmagy parahatçylyga bolan umytlary artdyrdy”

Prezident Erdogan Germaniýa saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugatyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Erdogan Berlindäki Liwiýa temaly maslahat hakynda: “Biz güýçli döwlet bolýan bolsak, güýçli döwlet hökmünde bizden garaşylýan tama uly. Türkiýe parahatçylygyň açary. Liwiýa meselesinde eden başlangyçlarymyz tapgyry deňagramlaşdyrdy. Hem ýerinde hem-de stoluň başynda syýasy tapgyra godawymyz dowam eder” diýdi.

Liwiýada Türkiýäniň bolmagynyň parahatçylyga bolan umytlary artdyrandygyny nygtan Erdogan: “Terrorçylyga garşy göreş ady bilen nähili oýunlaryn oýnalýandygyny hem görýäris” diýdi.

Erdogan Liwiýa maslahatynda Haftaryň tekstlere gol goýmazlygynyň bir emmasynyň bardygyny nygtap: “Mesele gatnaşyjylaryň dilden şaýatlyk etmeginden ybarat boldy. Enşalla netijesi bähbitli bolar” diýdi.

Erdogan Liwiýada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen beren çagyryşyna laýyklykda hüjümler bes edilen halatynda syýasy tapgyryň öňüniň açyljakdygyny beýan etdi.

Erdogan Kiriakos Miçotaksiň Haftary Gresiýa çagyrmagy bilen bagly soraga: “Miçotakis Haftary Gresiýa diňe bize meçew bermek üçin çagyrdy” diýip, jogap berdi.

Erdogan liderlerden biriniň özüne “Miçotakis siziň bilen arasyny gowulamak isleýar” diýendigini, özüniň bolsa jogap hökmünde: “Miçotakis ýalňyşyny düzetsin, soň biziň duşuşmagymyz aňsat diýdim” diýdi.



Degişli Habarlar