Türkiýäniň Prezidenti Albaniýada saparda bolýar

Erdogan: "Aprel aýynda 68 günde gurup ulanmaga berilen sebitiň hassahanasy hem şol berk raýdaşlygyň mysallarynyň biridir" diýdi

1763923
Türkiýäniň Prezidenti Albaniýada saparda bolýar

Albaniýanyň Premýer ministri Edi Ramanyň çakylygyna laýyklykda resmi sapar bilen Albaniýanyň paýtagty Tirana şäherine baran Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, 2019-njy ýylda başdan geçirilen ýer titremede öýlerinden mahrum bolan maşgalalar üçin ýurdyň Laç şäherinde Türkiýe tarapyndan guralan ýaşaýyş jaýlarynyň gowşurylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Prezident Erdogan ol ýerde eden çykyşynda, ýer titreme habaryny alanlaryndan soň sebitiň ýaşaýjylarynyň ýaralaryna melhem bolmak maksady bilen gysga wagtda işe girişendiklerini, gerek bolan ähli saglygy goraýyş hyzmatlaryny Albaniýa ugardandyklaryny ýatladyp, Albaniýanyň Premýer ministri Edi Rama bilen dowamly häsýetde aragatnaşykda bolandyklaryny we edilýän işlere ýakyndan gözegçilik edendiklerini habar berdi. 

Halkara jemgyýetiň, esasanda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Albaniýa ýardam elini uzatmagy üçin tagalla edendiklerini aýdan Erdogan: "Ýer titremeden soň sebite kömege gelen ilkinji ýurdyň Türkiýe bolmagy, aramyzdaky güýçli raýdaşlygyň iň uly subutnamasydyr" diýip beýan etdi. 

TOKI edarasy tarapyndan gurulan, jemi 552 ýaşaýyş jaýy öz içine alýan, takmynan 42 million ýewro çykdajysy bolan öýleri şu gün gowşurandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga bermek bilen Türkiýe-Albaniýa dostlugyny berkidýäris. Ýer titremede ýogalan doganlarymyza Alladan rehnet, ýakynlaryna sabyr we gynanç dileýäris. Ýogalanlary yzyna getirip bilmeris, emma galan adamlaryň durmuşlaryny ýeňilleşdirip biljek ädimleri etmek biziň elimizdedir. Gurup, ulanmaga beren ýaşaýyş jaýlary bilen 552 maşgala mundan soňky durmuşlaryny asudalyk we howpsuzlyk içinde ýaşamaklaryny üpjün eder" diýip habar berdi. 

"Aprel aýynda 68 günde gurup ulanmaga berilen sebitiň hassahanasy hem şol berk raýdaşlygyň mysallarynyň biridir" diýen Erdogan, açylyşy dabarsyna göni wideoşekilli aragatnaşyk arkaly gatnaşan hassahananyň adyna Türkiýe-Albaniýa Dostlyk hassahansy hökmünde dakandyklaryny mälim etdi. 



Degişli Habarlar