Türkiýe adam hukuklarynyň basgylanmagyna garşy alyp barýan göreşi bilen görelde bolýär

Çawuşogly BMG-nyň Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň kabul edilmeginiň 70 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme çap etdi

1103947
Türkiýe adam hukuklarynyň basgylanmagyna garşy alyp barýan göreşi bilen görelde bolýär

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň adam hukuklarynyň basgylanmagyna garşy alyp barýan göreşi bilen dünýä ýurtlaryna görelde bolmaga dowam edýändigini ýatlatdy.

Çawuşogly 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda BMG-nyň Adam hukuklarynyň ähliumumy jarnamasynyň kabul edilmeginiň 70 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme çap etdi.

BMG-nyň esaslandyryjy agzasy bolan Türkiýäniň, dünýäniň çar tarapynda adam hukuklarynyň basgylanmagyna garşy tutanýerli tutum alyp barýandygyny ýatladan Çawuşogly, şol göreşi bilen halkara jemgyýetçiligine görelde bolmaga dowam edýändigini nygtady.

Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýäniň adam hukuklarynyň basgylanmagyna we gumanitar krizislere garşy göreş üçin halkara guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini ýatlatdy.

Ministr Çawuşogly türk halkynyň demokratiýa we adam hukuklaryna goldaw berýändigini Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynda bütin dünýä görkezendigini nygtady.

Çawuşogly Türkiýäniň adam hukuklaryny goramaga dowam etjekdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar