Türkiýe-Afrika Media Sammiti Öz Işine Başlady

Prezidentiň Ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň guramagyndaky 25-nji maý Afrika güni mynasybetli “Türkiýe-Afrika Media Sammiti” öz işine başlady.

1832295
Türkiýe-Afrika Media Sammiti Öz Işine Başlady
turkiye-afrika meya.jpg

Stambulda iki gün dowam etjek sammitini Kommunikasilar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun açdy.

Türk we afrikaly media işgärleriniň arasynda hyzmatdaşlygy hem-de utgaşyklygy güýçlendirmek, tejribe alyşmak, hyzmatdaşlyk perspektiwasyny ösdürmek maksady bilen guralýan çärä 45 Afrika ýurdundan 80 metbugat işgäriniň ýany bilen afrikaly diplomatlar, döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, medianyň wekilleri, alymlar, hususy pudagyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Sammitde žurnalistikanyň koronawirus pandemiýasyndan soň başdan geçirýän kynçylyklary we “digital gabaw” ýaly synaglar bilen media pudagynda jynsy deňlik ýaly maslahatlar geçiriler. Türk we afrikaly žurnalistleriň global medianyň Afrika perspektiwasy boýunça pikir alyşyljak çarede, halkara ulgam boýunça çykyşlar ediler.



Degişli Habarlar