"Türkiýe bilen hiç hili şertsiz gatnaşyk açmaga taýar"

Ermenistan Türkiýe bilen gönüden gatnaşyk açmaga taýardygyny beýan etdi

1104339
"Türkiýe bilen hiç hili şertsiz gatnaşyk açmaga taýar"

Ermenistandaky möhletinden irki saýlawda üstün çykan Paşinýan Türkiýe bilen hiç hili şertsiz gatnaşyk açmaga taýardyklaryny beýan etdi

Hepdäniň ahyrynda geçirilen möhletinden irki saýlawyň ýeňijisi Paşinýan ministrler kabinetiniň jaýynda daşary ýurtly žurnalistler bilen duşuşdy.

Türkiýe bilen gatnaşyklarymyz Daglyk Garabag meselesi bilen bagly” diýen Paşinýan, Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklara-da täsirini ýetirýändigini beýan etdi.

Paşinýan: “Ozalam birnäçe gezek aýtdym. Biz Türkiýe bilen şertsiz, gönüden gatnaşyk açmaga taýar.

Ermenistan tarapyndan basylyp alynan Daglyk Garabag meselesinde-de durup geçen Paşinýan, onuň halkara gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini we özleri üçin hem möhüm meselelerden biridigini aýtdy. Paşinýan; “Bu meseläni çözmegi tama edýäris. Biz parahatçylykly çözgüdiň tarapynda” diýdi.

Paşinýan Daglyk Garabag meselesiniň şol ýerde ýaşaýanlaryň öz-özlerini dolandyrma hukugy ykrar edilmän çözülmeginiň mümkin bolmajakdygyny öňe sürdi.

Liderlik edýän arkalaşygy bilen saýlawda seslerin 70,4 göterimini alan Paşinýan, daşary syýasatlary barada gürrüň berýärkä Russiýa bilen adaty gowy gatnaşyklaryň dowam edýändigini, Ermenistanyň şol bir wagtda ÝB bilen hyzmatdaş we Ýewropa Geňeşine agza ýurtlardan biridigini ýatlatdy.

“Biz kimdir biriniň täsiri astynda däl” diýen Paşinýan, NATO bilen gatnaşyklaryň dowam edýändigini nygtap; “Emma NATO agza bolmak niýetimiz ýok” diýdi.

Paşinýan Eýran bilen gatnaşyklarynyň Amerikanyň sanksiýalaryndan zyýan çekip-çekmejekdigi barada soraga jogap hökmünde Eýranyň özleri üçin iňňän möhüm ähmiýete eýe goňşy ýurtlardan biridigini aýtdy.



Degişli Habarlar