Türkiýe bilen Pakistan bilelikde harby türgenleşik geçirdi

Turgutreis III türgenleşigine TJG Gökçeada fyrkadynyň gatnaşdy

1146563
Türkiýe bilen Pakistan bilelikde harby türgenleşik geçirdi

 

Pakistanyň deňiz güýçleri serkerdeligi tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, Turgutreis III türgenleşigine Türkiýeden TJG Gökçeada fyrkadynyň gatnaşandygy nygtaldy.

Beýanatda TJG Gökçeada fyrkadynyň geçen hepde geçirlen halkara AMAN-2019 türgenleşigine gatnaşmak üçin Pakistana gidendigi ýatladyldy we Turgutreis III türgenleşigine Pakistanyň Alamgir we Aslat gämileriniň hem gatnaşandygy bellenildi.

Türgenleşigiň iki ýurduň birlikde harby operasiýa geçirmek ukybynyň kämilleşdirilmegi maksady bilen geçirlendigi nygtaldy

Pakistanyn we Türkiýäniň ýaragly güýçleri birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. İki ýurduň ýaragly güýçleri ozal Turgutreis I  we II türgenleşigine we geçen hepde hem 2007-nji ýyldan bäri iki ýyldan bir gezek geçirilýän AMAN türgenleşigine gatnaşypdy

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar