“Türkiýe Epidemiýa Garşy Göreş Tapgyrynda Ünsleri Özünde Jemledi”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň epidemiýa garşy göreş tapgyrynda ünsleri özünde jemländigini aýtdy

1426636
“Türkiýe Epidemiýa Garşy Göreş Tapgyrynda Ünsleri Özünde Jemledi”

Erdogan Stambulda gurulan Prof.Dr. Murat Dilmener adyndaky Ýeşilköý Tiz kömek keselhanasynyň açylyş dabrasyna gatnaşdy.

Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde; “Türkiýäniň saglygy goraýyş pudagyna eýe bolan infrastrukturasy we umumy saglygy goraýyş ätiýaçlandyryş ulgamy bilen epidemiýa garşy göreş tapgyrynda ünsleri özünde jemlän ýurt” diýip, “Epidemiýa garşy göreş tapgyrynda 2 aýa ýetmän ulanmaga berilen tiz kömek keselhanalarymyzyň nusgawy häsýete eýedigini aýdasym gelýär” diýdi.

Prezident Erdogan: “Dünýäde ençeme ýurduň wagtlaýyn göçme we prefabrik hassahanalar gurup, çözmäge synanşan meselesini biz has gysga möhletde adaty keselhanalary gurmak arkaly ýeňip geçdi” diýdi.

Tiz kömek keselhanalary hakynda “Bu saglygy goraýyş edaralary ýurdumyzyň ýüzüniň agy bolar” diýen Erdogan; “Allaga şükür, bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen epidemiýanyň ýaýraýyş depginini gowşatdyk” diýdi.

Erdogan “Saglyk syýahatçylygynda uly ösüş edýaris” diýdi we “Ýurdumyza we milletimize esasanda hyzmat edýän her günümiz, her pusat, şol ugurda äden her bir ädim, alýan her bir demimiz üçin rebimize şükür



Degişli Habarlar