Türkiýe Gresiýa Bilen Şertsiz Gepleşikleriň Geçirilmegine Goldaw Berýär

Hami Aksoý, Türkiýäniň başyndan bäri Gresiýa bilen şertsiz gepleşik geçirilmegini isleýändigini ýatlatdy

1537703
Türkiýe Gresiýa Bilen Şertsiz Gepleşikleriň Geçirilmegine Goldaw Berýär

 

Türkiýe, şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem Gresiýa bilen şertsiz gepleşikleriň geçirilmegine goldaw bermäge dowam etjekdigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Hami Aksoý, žurnalistlerden biriniň Gresiýanyň Oruç Reisi bahana edip gepleşiklerden gaça durýandygy, Oruç Reis seismiki barlag gämisiniň öz işini tamamlandygy we mundan soň Gresiýanyň tutumynyň üýtgäp üýtgemejekdigi hakyndaky soragyna jogap berdi.

Hami Aksoý, Türkiýäniň başyndan bäri Gresiýa bilen şertsiz gepleşik geçirilmegini isleýändigini ýatlatdy.

Aksoý, “Gresiýa bilen geňeşmeleriň ýaňadandan başlamagy meselesinde ylalaşyk gazanyldy. Emma Gresiýa Oruç Reis gämisiniň iş başynda bolandygy sebäpli ylalaşykdan ýüz öwürdi we geňeşmeler başlamady. Energetika we tebigy serişdeler ministrligimiz, Oruç Reis gämisiniň Gündogar Ortaýer deňizindäki işlerini tamamlap, 2020-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Antalýa dolanandygyny mälim etdi. Türkiýe, şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem Gresiýa bilen şertsiz gepleşikleriň geçirilmegine goldaw bermäge dowam eder”diýip belledi.


Etiketkalar: #şertsiz , #gepleşik , #Gresiýa

Degişli Habarlar