“Türkiýe Gündogar Ortaýer deňzinde parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapynda”

Prezidentiň Orunbasary Oktaý Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapynda durmaga dowam edýändigini aýtdy

1273053
“Türkiýe Gündogar Ortaýer deňzinde parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapynda”

Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapynda durmaga dowam edýändigini aýtdy

Oktaý düýn Ankarada geçirilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Syýahatçylyk hyzmatdaşlygy bankedinde sözlän sözünde, Kipr meselesiniň ýaňadandan gün tertibine gelmäge başlandygyny, Türkiýäniň pozisiýasynyň konkretdigini aýtdy.

Oktaý: “Çözgüt durnukly we adalatly syýasy deňlikdir. Biziň üçin esasy zat çözgüt modeliniň ady däl, eýsem çözgüdiň Kipr türkleriniň syýasy deňligini we karar kabul ediş mehanizminde güýçli pozisiýa eýelemegini, abadançylygyny we howpsyzlygyny kepillendirýän şertleri öz içine almagy” diýdi.

Kipriň grek tarapynyň egilşiksiz dowam etdirýän bir taraply uglewodorod gözleg işlerine güýçli başlangyçlar bilen jogap berilendigini aýdan Fuat Oktaý: “Gündogar Ortaýer deňzinde parahatçylygyň we durnuklylygyň tarapynda durmaga dowam ederis.Türkiýe Kipr türklerini hiç haçan ýalňyz goýmady, hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin gerek bolan ähli tagallany etdi. Kipr türkleriniň laýyk bolan eşretli durmuşda ýaşamagy üçin alynyp barylýan işler mundan beýlägem dowam eder, uly göwrümli taslamalary iş ýüzüne geçirmäge dowam ederis” diýdi.

 



Degişli Habarlar