Türkiýe Keniýa gynanç bildirdi

Türkiýe Keniýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgaryp, hüjümde ýogalan adamlar sebäpli bu ýurda gynanç bildirdi

1319660
Türkiýe Keniýa gynanç bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Keniýanyň Mandera welaýatynda gidip barýan bir awtobusyň nyşana alynyp, guralan terrorçylykly hüjümiň netijesinde aralarynda polisiýa işgärleri hem bolan jemi 10 adamyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynaç bilen alynandygy aýan edildi. 

Beýanatda: "Bu terrorçylykly aksiýany berk ýagdaýda ýazgarýarys. Ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we dostlukly Keniýanyň hökümetine we halkyna gynanç bildirýäris" diýip habar berildi. 

Terror guramasy Eş-Şebab düýn Keniýanyň demirgazygynda bir awtobusy saklap 10 adamy öldüripdi. 

 


Etiketkalar: #hüjüm , #Keniýa , #Türkiýe

Degişli Habarlar