Türkiýe Owganystan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Türkiýe Owganystan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça has hem ösdürmegi arzuw edýändigini beýan etdi

1592139
Türkiýe Owganystan bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek isleýär

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, 2021-nji ýylyň 1-nji martynda Türkiýe bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100-nji ýylyna gabat gelýändigi mälim edildi. 

Beýanatda Türkiýe bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100-nji ýyly bilen bagly geçirilýän çäreleriň çäginde, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň we Owganystanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Amir Raminiň gatnaşmagynda 1-nji martda Daşary işler ministrliginde ýurtlaryň arasyndaky dostlugy alamatlandyrýan ýaş nahallaryň ekiljekdigini, ondan soň bolsa Mewlüt Çawuşoglynyň owganystanly kärdeşi Hanif Atmaryň ýolbaşçylyk etmeginde Kabulda geçiriljek çärä göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyp, ol ýerde çykyş etjekdigi habar berildi. 

Iki ýurdyň arasynda 1921-nji ýylyň 1-nji martynda gol çekişilen Türkiýe-Owganystan ylalaşygy bilen ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulandygy ýatladylan beýanatda, Türkiýäniň Kabul şäherinde açan ilçihanasynyň, 1919-njy ýylda garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň Owganystanda iş alyp barmaga başlan ilkinji diplomatik missiýa bolandygy we Owganystanyň TBMM-ni ykrar eden dünýäde 2-nji ýurt bolandygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Türkiýe-Owganystan dipolmatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 100-nji ýylynyň bellenip geçilýän şu ýylda, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyzy ähli ugurlar boýunça has hem ösdürmegi, Owganystanda dowam edýän aksiýalaryň bes edilmegini we ýurtda hemişelik parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegini dileýäris" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar