Türkiýe Owganystandaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Owganystanyň paýtagty Kabuldaky Sih ybadathanasyna guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

1385206
Türkiýe Owganystandaky terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Kabuldaky Sih ybadathanasyna düýn irden guralan terrorçylykly hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy mälim edildi.

Beýanatda: "Owganystanyň köp medeniýetli gurluşyny nyşana alan bu terrorçylykly hüjümi ýazgarýarys. Hüjümde ýogalan adamlara Alladan rehnet, dostlukly we doganlyk owgan halkyna gynanç, ýaralanan adamlaryň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileýäris" diýip bellendi. 


Etiketkalar: #Owganystan , #Türkiýe

Degişli Habarlar