Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 126 müň 984 adama ýetdi

1426340
Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 26 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 515 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 39 müň 230 adam testden geçirilip, ýene-de 983 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 1 müň 21 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 126 müň 984 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar