Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 127 müň 973 adama ýetdi

1426767
Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 25 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 540 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 35 müň 600 adam testden geçirilip, ýene-de 839 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 9819 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 127 müň 973 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #koronawirus

Degişli Habarlar