Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 128 müň 947 adama ýetdi

1427471
Türkiýe täze görnüş koronawirusa garşy göreşde oňyn netijeler almaga dowam edýär

Türkiýede soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 23 adama çenli azalmagy bilen, ýurtda jemi ýogalan adamlaryň sany 4 müň 563 adama ýetdi. 

Soňky 24 sagatda 31 müň 525 adam testden geçirilip, ýene-de 827 adamda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Saglyk ýagdaýy gowulaşyp öýlerine ugradylan soňky 974 adam bilen birlikde, koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany jemi 128 müň 947 adama ýetdi. 



Degişli Habarlar