Türkiýede 29-njy oktýabr Respublika baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

29-njy oktýabr Respublika baýramynyň çäginde Stambulyň gubernatorlygynda dabara geçirildi

1518079
Türkiýede 29-njy oktýabr Respublika baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär

Stambulyň gubernatory Ali Ýerlikaýa, dabarada eden çykyşynda, Respublikanyň 20-nji asyrda Watan ugrunda ähli ýokluga garamazdan gözüni gyrpman, gorkman fronta giden ata-babalarymyzyň iň uly ýeňişidigini, gaýgyda we bagtyýarlykda jebis bolan bir milletiň eseridigini belledi. 

"1923-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Atatürk tarapyndan yglan edilen şol günden bäri her gün, ählimiz Respublikadyrys" diýip bellän, Ali Ýerlikaýa, ähli adamlary Respublika baýramlary bilen gutlady. 

Ýurdyň Aksaraý welaýatynda hem 29-njy oktýabr Respublika baýramy mynasybetli dabara geçirildi. 

15-nji iýul Milli Ygtyýar meýdançasynda geçirilen dabarada gubernator Hamza Aýdogdy gutlaglary kabul etdi. 

Hamza Aýdogdy hormatly dymyşlyk we Milli senanyň ýerine ýetirilmeginden soň eden çykyşynda, Respublikanyň raýatlar üçin iň uly mertebedigini nygtady. 

Hamza Aýdogdy: "Elbetde şol günlere ýeňil ýetilmedi. Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylyk etmeginde eziz türk milletiniň, bütin dünýä garşy görkezen gahrymançylykly dessany bardyr. Aç ýaşarys, suwsyz ýaşarys, emma Watansyz ýaşap bilmeris, Ýa özygtyýarlylyk ýa ölüm diýip seslenen bir milletiň gahrymançylygy bardyr" diýip belledi.  

Dabara şygyrlaryň aýdylmagyndan we sylaglaryň gowşurylmagyndan soň tamam boldy. 



Degişli Habarlar