Türkiýede içerki uçar saparlary başladyldy

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly şonuň bilen bagly beýanat berdi

1427221
Türkiýede içerki uçar saparlary başladyldy

Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, koronawirus epidemiýasyna garşy görülen çäreleriň çäginde togtadylan uçar saparlarynyň ýaňadandan başladylmagy mynasybetli Stambul howa menzilinden uçan uçar bilen Ankara Esenboga howa menziline geldi. 

Stambul howa menzilinde Kovid-19-a garşy görülen çäreler barada maglumat alan ministr Adil Karaismailogly, soň bolsa gözegçilik işlerini geçirdi. 

Adil Karaismailogly, gözegçilik işlerinden soň beren beýanatynda, geçen hepde ýokary tizlikli otlylaryň gatnawlaryny amala aşyrmaga başlandygyny belläp, gara ýollardaky syýahatçylyk çäklendirmeleriň bolsa şu günden başlap ortadan aýrylandygyny mälim etdi. 

Bularyň iň möhümi bolan içerki uçar saparlarynyň şu gün başladylandygyny aýdan Adil Karaismailogly, Kovid-19-dan soň uçar gatnawlarynyň kadaly ýagdaýda amala aşyrylmagy üçin ministrlik hökmünde 1 aýyň dowamynda giň gerimli işler geçirendiklerini aýan etdi. 

Raýatlaryň arkaýyn ýagdaýda howa ýollaryny ulanyp biljekdikleirini aýdan Adil Karaismailogly, öňümizdäki günlerde daşary ýurt uçar saparlarynyň açylmagy ugrundaky işlerini hem tamamlajakdyklaryny beýan etdi. 



Degişli Habarlar