Türkiýede koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 75 adama ýetdi

Türkiýede täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 75 adama ýetdi

1385824
Türkiýede koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 75 adama ýetdi

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, twitterden beren beýanatynda: "Ýene-de 16 raýatymyz ýogaldy. Bu netije bilen jemi ýogalan adamlaryň sany 75-e, koronawirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa 3 müň 629-a ýetdi" diýip belledi.

Ministr Fahrettin Koja soňky 24 sagatda 7 müň 286 adamyň testiniň netijesiniň aýan bolandygyny we şolaryň 1 müň 196-synda koronawirusyň bardygynyň anyklanandygyny habar berdi. 

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja: "Size tutanýerlilik bilen görülýän çärelere gulak asmaga çagyrýaryn" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #koronawirus , #Türkiýe

Degişli Habarlar