Türkiýede Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 59 adama ýetdi

Türkiýede mekdepler 30-njy aprele çenli ýapyk bolar

1385135
Türkiýede Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 59 adama ýetdi


Türkiýede Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 59 adama ýetdi

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja Twitterden beren beýanatynda “Koronawirus sebäpli ýene-de 15 adam ýogaldy, şeýlelikde ýogalanlaryň sany 59 adama ýetdi” diýdi.

Ministr Koja, soňky 24 sagatda 5 müň 35 adamyň barlagdan geçirlendigini we 561 adama koronawirusyň ýokaşandygynyň anyklanylandygyny belledi.

Saglygy goraýyş ministri Koja, Ylym geňeşiniň maslahatyndan soň beren beýanatynda koronawirus ýokaşanlardan 26 keselliniň bolsa sagalandygyny aýdypdy.

Ylym geňeşiniň maslahatyna gatnaşan Milli bilim ministri Ziýa Selçuk, Türkiýede mekdepleriň 30-njy aprele çenli ýapyk boljakdygyny we okuwçylara  uzakdan bilim berilmäge dowam etjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar