"Türkiýede maýmyn mama keseli ýok”

Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja: “Türkiýede maýmyn mama keseli ýok” diýdi

1832472
"Türkiýede maýmyn mama keseli ýok”

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, paýtagt Ankara şäherinde TBMM-de eden çykyşynda, soňky wagtlarda dünýäde hasaba alynan maýmyn mama keseli bilen bagly maglumat berdi. 

Koja: "Gereksiz aladalar bolmaly däldir. Keseliň global pandemiýa sebäp boljagyna ynanmaýaryn. Bizde maýmyn mama keseli hasaba alynmady. Bolan mahaly habar bereris" diýip mälim etdi. 

Raýatlaryň aladalanmaly däldigini aýdan Koja: "Mama keseliniň sanjymynyň 80-85 göterim täsirlidigini bilýäris. Sanjym epidemiýa howpynyň ortadan aýrylan ýyly bolan 1970-njy ýyllardan bäri özgerdilmeýär, emma ABŞ lukmançylyk prosedurasyna laýyklykda şol mahal ýok edilmeli bolan janly wirusy gorap saklady" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar