Türkiýeden daşary ýurda guralýan ähli uçar saparlary bes edildi

Prezident Erdogan, halkyň saglygy, durnuklylygy, howpsyzlygy  we geljegi üçin ýerine ýetiriljek täze çärelere ünsi çekdi

1386514
Türkiýeden daşary ýurda guralýan ähli uçar saparlary bes edildi

 

Prezident R. T. Erdogan, Ylym geňeşiniň koronawirusa garşy göreşiň çäginde beren duýduryşlaryna laýyklykda kabul edilen kararlar hakynda metbugata beýanat berdi.

“Hiçbir wirusyň biziň güýjümizden güýçli bolmandygy ynanjy bilen Kowid-19-a garşy göreşimizi milletimiz bilen jebislikde tutanýerlilik bilen dowam etdirýäris” diýen Erdogan, halkyň saglygy, durnuklylygy, howpsyzlygy  we geljegi üçin ýerine ýetiriljek täze çärelere ünsi çekdi.

Görlen çärelere laýyklykda:

Döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalarda bolşy ýaly hususy pudakda hem täze iş ulgamyna geçiler.

Köpçülikleýin gatnawda ýolagçylar has  seýrek oturar.

Dynç alyş ýerleri we tokaýlar ýaly käbir meýdanlar hepdäniň ahyrynda ýapylar.

 Hepdäniň dowamynda hem şol ýerlerde köpçülikleýin çäreleriň geçirilmegi gadagan ediler.

Daşary ýurtlara guralýan ähli uçar saparlary bes ediler.

Prezident Erdogan “Bu tapgyryň gysga wagtda az ýitgi bilen hötdesinden gelsek ýagty günler bize garaşýar. Türkiýe bu wirusy ýeňip biljek güýje we mümkinçilige, milletimiz bilen görlen çäreleri gyşarnyksyz ýerine ýetirjek erke eýedir” diýdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar