Türkiýeden Demirgazyk Makedoniýa we Albaniýa gutlag

Türkiýe, ÝB bilen agzalyk gepleşiklerini resmi ýagdaýda başlatmak barada karar kabul eden Demirgazyk Makedoniýany we Albaniýany gutlady

1386022
Türkiýeden Demirgazyk Makedoniýa we Albaniýa gutlag

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Ýewropa Bileleşigi bilen agzalyk gepleşiklerini resmi ýagdaýda başlatmak barada karar kabul eden dost we hyzmatdaş ýurtlar Demirgazyk Makedoniýany we Albaniýany gutlaýarys" diýip bellendi. 

Türkiýäniň hem gepleşikler geçirýän bir dalaşgär bir ýurtdygy we Balkan ýurtlarynyň Ýewropa-Atlantika birleşmesini iň başyndan bäri goldaýandygy bellenen beýanatda: "Türkiýe, giýjiräk hem bola kabul edilen bu kararyň sebitiň asudalygyna we durnuklylygyna we ÝB-nyň global güýç bolmak ugrundaky tagallalaryna möhüm goşant goşjakdygyna ynanýar" diýip nygtaldy.

Ýewropa Bileleşigi 25-nji martda Albaniýa we Demirgazyk Makedoniýa bilen agzalyk gepleşiklerine resmi ýagdaýda başlatmak barada karar kabul edendigini mälim edipdi.



Degişli Habarlar