Türkiýeden Italiýa we Ispaniýa kömek

Dünýäde täze görnüş koronawirusyň iň köp zyýan ýetiren iki ýurdy bolan we şol bir wagtda Ýewropadaky güýç merkezi ýagdaýyna öwrülen Ispaniýa we Italiýa Türkiýeden ýardam iberildi

1388935
Türkiýeden Italiýa we Ispaniýa kömek
Turkiye ispanya italya yardim1.jpg
Turkiye ispanya italya yardim.jpg

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň çägindäki harby fabriklerde, tikinçilik sehlerinde we Maşyn gurluşyk we himiýa senagaty edarasynda ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürilen, gorag maskalar we ýörite formalar, antibakterial suwuklyk ýaly müňlerçe lukmançylyk önümi Ankara Etimesgut harby howa menzilinden harby ýük uçaryna ýüklendi. 

Ugradylýan materiallaryň ýerleşdirilen sandyklaryň üstüne bolsa italiýan we ispan dillerinde Möwlananyň "Umytsyzlygyň arkasynda ençeme umyt bar. Garaňkynyň arkasynda ençeme ýagtylyk bar" sözi we "Türkiýeden Ispaniýanyň halkyna uly hormat bilen" ýaly ýazgylar ýazyldy. 

Türkiýäniň ugradan uçary Ankaradan ilki bilen Ispaniýa tarap hereket etdi. Uçar ondan soň bolsa Italiýa gider. 



Degişli Habarlar