Turkovak Üçin 846,451 Adam Ýüz Tutdy

Bu barasynda ministr Fahrettin Koja habar berdi

1663125
Turkovak Üçin 846,451 Adam Ýüz Tutdy

Saglygy goraýyş ministri ýerli koronawirus sanjymy “Turkovakyň” 3-nji tapgyr barlaglaryna meýletin gatnaşmak üçin 846,451 adamyň ýüz tutandygyny beýan etdi

Fahrettin Koja Twitterden beren habarnamasynda; “ “Turkovakyň” 3-nji tapgyr barlaglarynda birinji doza edildi. 40,800 metletiniň goldawynyň gerekdigine garamazdan E-Puls arkaly gysga möhletde 846,451 adam ýüz tutdy. Netijä doly ynanýarys. Golaýda öz sanjymyny öndüren we sanjymy dünýäde ulanylýan sanalgyja ýurtlardan biri bolarys” diýdi.

Kaýseri Erjiýes uniwersiteti bilen Saglygy goraýyş ministrliginiň Türkiýe Saglyk institutlary edarasynyň bilelikde öndüren “Türkovak” sanjymynda 3-nji tapgyr barlaglarynda sanjymlama maksatnamasy düýn Ankaranyň Şäher Keselhanasynda başlapdy.



Degişli Habarlar