“ÝB bilen käbir ugurlardaky hyzmatdaşlyklar sejeriler”

Türkiýe ÝB bilen käbir ugurlardaky hyzmatdaşlygyň seljeriljekdigini beýan etdi

1288061
“ÝB bilen käbir ugurlardaky hyzmatdaşlyklar sejeriler”

Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda “ÝB-niň Daşary gatnaşyklar geňeşiniň Siriýa we Gündogar Ortaýer deňizi hakynda kararlaryny hem-de ýurdumyza eden çagyryşlaryny dolulygyna ret edýaris” diýilýär.

Ministrlikden berilen beýannamada ÝB-niň DAİŞ-e garşy göreş meselesinde Türkiýä maslahat bermäge hakynyň ýokdugy nygtalyp: “Hukuksyz we taraply çemeleşmesi sebäpli ÝB bilen käbir ugurlarda hyzmadaşlygymyzy düýpli seljereris” diýilýär.

Beýannamada: “ÝB-niň Gündogar Ortaýer deňzinde alyp barýan gözleg we burawlaýyş ilerimizi bikanun hökmünde häsýetlendirmegini kabul edilmesiz diýip kesgitleýäris” diýilýär.



Degişli Habarlar