Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 25, Ýaralananlaryň Sany 804 Adama Ýetdi

Ýer titremesi sebäpli şäherde köp sanly bina ýykyldy.

1519099
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 25, Ýaralananlaryň Sany 804 Adama Ýetdi

Dün Izmiriň Seferihisar etrabynyň golaýynda bolan 6,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 25, ýaralananlaryň sany 804 adama ýetdi.

AFAD düýn  Türkiýe wagty bilen sagat 14.51-de Egeý deňzinde İzmiriň Seferihisar etrabyndan 17 kilometr alysdaky suw giňişliginde 6,6 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar beripdi.

Ýer titremesiniň ýeriň 16,54 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Ýer titremesi sebäpli şäherde köp sanly bina ýykyldy.

Harabalygyň aşagynda galanlaryň tapylmagy üçin gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.


Etiketkalar: #bal , #Izmir , #ýer titremesi

Degişli Habarlar