"Ýeşilköý Prof. Dr Murat Dilmener Tiz kömek hassahanasy ýurdumyz we halkymyz üçin düşümli bolsun”

Prezident Erdogan, Stambulda ulanylmaga beriljek Ýeşilköý Prof. Dr Murat Dilmener Tiz kömek hassahanasy barada beýanat berdi

1426629
"Ýeşilköý Prof. Dr Murat Dilmener Tiz kömek hassahanasy ýurdumyz we halkymyz üçin düşümli bolsun”

 

Prezident R. T. Erdogan, Stambulda ulanylmaga beriljek Ýeşilköý Prof. Dr Murat Dilmener Tiz kömek hassahanasy barada beýanat berdi.

Prezident Erdogan Twitterden beren beýanatynda “Söz berişimiz ýaly 45 günde 1008 orunlyk Ýeşilköý Prof. Dr Murat Dilmener Tiz kömek hassahanasy şu gün ulanylmaga berilýär. Ýurdumyz we halkymyz üçin düşümli bolsun” diýdi.

Jemi 125 müň inedördül metrlik meýdanda gurlan Ýeşilköý Prof. Dr Murat Dilmener Tiz kömek hassahanasynyň 75 müň inedördül metrlik ýapyk meýdançasy bar. Hassahananyň 432 orunlyk agyr keselliler bölümi we 16 operasiýa otagy bar. Jemi 1008 orunlyk hassahananyň her bir otagy zerur halatynda reanimasiýa öwrülip biler.



Degişli Habarlar