“Ýewropanyň howpsyzlygy Türkiýäniň howpsyzlygy bilen ýakyndan arabaglanşyky”

Adalat ministri Abdulhamit Gül, “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda möhüm beýannama berdi

1287760
“Ýewropanyň howpsyzlygy Türkiýäniň howpsyzlygy bilen ýakyndan arabaglanşyky”

 

Adalat ministri Abdulhamit Gül, Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda dowam edýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasynyň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK we DAIŞ-e garşydygyny, Ýewropanyň howpsyzlygynyň Türkiýäniň howpsyzlygy bilen arabaglanşyklydygyny nygtady

Ýewropa Geňeşine agza ýurtlaryň Adalat ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Fransiýa giden Adalat ministri Gül, Türkiýäniň Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda başladan “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy hakynda möhüm beýannama berdi.

Operasiýanyň etniki ýada dini toparlara garşy däl eýsem terrorçylara garşy guralýandygyny nygtan Gül “Operasiýa halkara hukugyna laýyklykda geçirilýär. Söweş iki özbaşdak ýurduň arasynda bolýan, biz bolsa terrora garşy göreş maksady bilen operasiýa geçirýäris” diýdi.

Türkiýäniň ýurtlaryndaky içerki uruşdan gaçan 3,6 million siriýalyny kabul edendigini nygtan Gül “ Operasiýa siriýaly bosgunlaryň howpsyz ýagdaýda öýlerine dolanmaklary üçin guralýar we üstünlikli ýagdaýda netijelener.Ýewropaly dostlarymyza hem ýüzlenýäris, Ýewropanyň howpsyzlygy Türkiýäniň howpsyzlygy bilen ýakyndan arabaglanşykly” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar