Ýyldyrm: “Eýran, Russiýa we Türkiýe sebitleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde tutanýerli”

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym, Eýranyň paýtagty Tähranda Terrorizme we ekstremizme garşy göreş temaly Mejlisiň başlyklarynyň Ikinji maslahatyna gatnaşdy

1103143
Ýyldyrm: “Eýran, Russiýa we Türkiýe sebitleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde tutanýerli”

 

Binali Ýyldyrym maslahatyň ýapylyş böleginde eden çykyşynda: “Sebitde meseleleriň çözülmegine we mundan beýläk bu ajylaryň bes edilmegine ähmiýet berýäris. Şol sebäpli hem Eýran, Russiýa we Türkiýe hökmünde sebitleýin hyzmatdaşlygy dowam etdirmekde tutanýerlidiris” diýip belledi.

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, Eýranyň Mejlisiniň başlygy Ali Larjani, Hytaýyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Çen Zu, Russiýanyň Döwlet dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin, Pakistanyň Milli Mejlisiniň başlygy Esed Kaýser, Owganystanyň Milli Mejlisiniň başlygy Abdul Rauf Ibrahiminiň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda terror guramalaryna garşy göreşde ediljek hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler barada pikir alyşyldy.

Siriýada başdan geçirilen içerki söweş we terrorçylykly aksiýalaryň üstünde durup geçen Binali Ýyldyrym, Türkiýäniň takmynan 4 million siriýala ýer eýeçiligini edýändigini ýatladyp: “Muny elbetde söýüp edýäris, emma bu ýükiň bir ýagdaýda halkara jemgyýet bilen paýlaşylmagy hökmany” diýip belledi.

Mundan soňky maslahatyň Türkiýede geçiriljekdigini aýan eden Ýyldyrym, Tähranda ele alynyp bilinmedik has spesifik meseleleri Stambulda ele alynmagyny we has anyk netijeleri almagy umyt edýändiklerini we munyň üçin taýýarlyklary 1 ýylyň dowamynda tehniki ýagdaýda alyp barjakdyklaryny mälim etdi.  

TBMM-niň başlygy Binali Ýyldyrym, saparyndan soň Türkiýä gaýdyp geldi.



Degişli Habarlar