Warank: "Tenkofest jemgyýeti üýtgetmek güýjüne eýe bolan bir çäre" diýdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Awiasia, kosmos we tehnologiýa festiway TEKNOFEST-iň jemgyýeti üýtgetmek güýjüne eýe bolan bir çäredigini habar berdi

1496559
Warank: "Tenkofest jemgyýeti üýtgetmek güýjüne eýe bolan bir çäre" diýdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Gaziantep şäherinde TEKNOFEST 2020 çäresiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: "TEKNOFEST-e bolan gyzyklanma her ýyl barha artýar. Festiwalyň ilkinji ýylynda 4 müň 33 topar özara bäsleşdi, 2-nji ýylynda ýaryşýan toparlaryň sany 17 müň 773-e ýetdi. Şu ýyl TEKNOFEST-e 100 müňden gowrak topar ýüz tutdy, bu hakykatdan hem gowy görkeziji" diýip belledi. 

Mustafa Warank: "TÜBITAK-yň üsti bilen soňky 2 ýylda 16 müňden gowrak ýaş oglan-gyzlarymyza 313 million liralyk talyp haky we goldaw berdik. Senagat aspirantura programmasy we Halkara lider derňewçiler programmasy ýaly taslamalary durmuşa geçirdik. Soňky 2 ýylda 15 million raýatymyz TÜBITAK-yň žurnallaryndan peýdalandy. Mundan soňky tapgyrda hem arakesme bermeden işlerimizi dowam etdireris" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar