Yragyň demirgazygynda 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1832849
Yragyň demirgazygynda 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Şehitlerimiziň ganyny ýerde goýmadyk, mundan soň hem goýmarys. Penje-Gulp operasiýasy sebitinde anyklanan PKK-a agza 14 terrorçy guralan howa hüjümi bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Gahryman Türkiýäniň Ýaragly güýçleri, terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan etmegi erjellik we tutanýerlilik bilen dowam eder" diýip habar berildi. 

Sebitde terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 esger şehit bolupdy. 



Degişli Habarlar