Yragyň demirgazygynda 2 esger şehit boldy

PKK-ly 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

27 Mart 2020 14:54

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy tarapyndan ot açylmagy sebäpli 2 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy.

Terrorçylara degişli 4 ýere guralan operasiýada bolsa PKK-ly 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda “Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Haftanin etrabynda terrorçylar tarapyndan ot açylmagy sebäpli 2 esgerimiz şehit boldy. Wakanyň yzy ýanyndan terrorçylara degişli 4 ýere howa hüjümi guraldy we PKK-ly 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýildi.