Yragyň demirgazygynda 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Ekstremist terror guramasy PKK garşy howa hüjümi guraldy

29 Mart 2020 10:51

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Metina etrabynda ekstremist terror guramasy PKK garşy howa hüjümi guraldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Metina etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 8 terrorçynyň bolýan ýeri anyklanyldy.

Terror guramasyna garşy guralan howa hüjüminde 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrora garşy operasiýalar dowam edýär.