Yragyň demirgazygynda bäş terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Yragyň demirgazygyndaky Haftanin sebitinde, Penje-3 operasiýasynyň çäginde geçirilen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
1309209
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň, sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen berilen beýanatda: “Yragyň demirgazygynda Penje-3 operasiýasynyň çäginde Haftanin sebitinde geçirilen operasiýada, terrorçylykly aksiýa geçirmek isländigi anyklanan PKK-ly 5 terrorçy Ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz arakesmesiz ýagdaýda dowam edýär” diýip habar berildi.
Degişli Habarlar
Müsüriň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolar
Hakan Fidan müsürli kärdeşi bilen Stambul şäherinde duşuşar.
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolýar
Hakan Fidan, Gaga şäherinde Gollandiýanyň Premýer-ministri Mark Rutte bilen duşuşdy.