Yragyň Demirgazygynda Penje-Gulp Operasiýasynda Bir Esger Şehit Boldy
Yragyň demirgazygynda Penje-Gulp operasiýasy sebitine ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 esger şehit boldy
1832700
Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Penje-Gulp operasiýasy sebitinde, terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan harby bazalaryň birine od açylmagy netijesinde esger Mehmet Meralyň şehit bolandygy habar berildi.
Beýanatda: "Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine we eziz milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip mälim edildi.
Degişli Habarlar
Daşary Işler Ministri Fidan Gollandiýada Saparda Bolar
Ministr Fidan, saparynyň çäginde gollandiýaly kärdeşi Clot Hanke Brýuinz bilen duşuşar.
Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Iki hepde-de ekstremist terror guramasy PKK-a agza 75 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.